Baş sahypa / Biz hakda

Biz hakda

2011-nji ýyldan bäri müşderilerimiziň öýüne we ofisine owadanlyk hem-de rahatlyk getirýäris.

Biziň taryhymyz

Aýdyň žalýuzlar kompaniýasy 2011-nji ýyldan bäri kiçi ussahanadan başlap, şu güne çenli iň ynamdar žalýuzlar öndürijileriniň birine öwrüldi. Şu wagta çenli müňlerçe öýde we ofisde biziň žalýuzlarymyz gurnalyndy.

Biz diňe bir önüm satmak bilen çäklenmän, müşderä ölçegden başlap gurnamaga çenli doly hyzmat hödürleýäris.

  • Ýokary hilli materiallar we ygtybarly üpjün edijiler
  • Öz ussahanamyz — takyk ölçege görä öndürmek
  • Tejribeli we jogapkärli gurnaýjy topary
  • Satuwdan soňky hyzmat we kepillik
14+ ýyl tejribe
Müňlerçe gurnalan žalýuzlar
98% kanagatlanan müşderiler
15+ ussalardan ybarat topar

Işimizde esasy ýörelgelerimiz

Hil

Diňe synagdan geçen we uzak möhletli materiallary ulanýarys.

Takyklyk

Her bir ölçegi milimetrine çenli takyk ýerine ýetirýäris.

Hormat

Müşderiniň wagtyna we islegine sarpa goýup işleýäris.

Tizlik

Sargytdan oturtmaga çenli iň gysga möhletlerde hyzmat edýäris.

Aç-açanlyk

Bahalarymyz düşnükli, gizlin çykdajy ýok.

Jogapkärçilik

Gurnalan her bir žalýuza kepillik we hyzmat.

Bize goşulyp, öýüňizi has-da owadan ediň

Jaň edilen günüň dowamynda ölçeg we maslahat

Habarlaşmak